Ýewropanyň myhmanhanalary has gymmatlan şäherleri belli boldy

10.08.2022, 22:5341

Germaniýanyň paýtagtyndaky, şeýle-de Barselonadaky we Pariždäki myhmanhanalar şu ýyl ortaça bahanyň iň ýokary ösüşini görkezdiler. Şeýle maglumatlar syýahat menejmenti boýunça kompaniýa TravelPerk tarapyndan geçirilen seljermede görkezilýär. Bahalaryň ösüşiniň hem oňyn, hem otrisatel sebäpleri bar. Oňyn sebäp ýurtlaryň köpüsiniň kowid çäklendirmelerini ýatyrmagyndan we syýahatçylaryň syýahata isleginiň ýokarlanmagyndan ybarat. Otrisatel sebäp myhmanhanalaryň ykdysady-ýangyç çökgünligini we işçileriň ýetmezçiligini başdan geçirmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, tourprom.ru belleýär.

Şeýlelikde, Barselonada ortaça bahalar tas ýarym – 48% ýokarlanyp, 153 ýewro boldy. Berlinde we Parižde ösüş 38% bolup, bahalar, degişlilikde, 130 we 198 ýewro çenli ýokarlandy.

“Bu ösüş tutuş syýahatçylyk pudagynyň göreşýän daşarky faktorlary, şol sanda ýangyç üçin çykdajylaryň ýokarlanmagy, işçi güýjüniň ýetmezçiligi we dünýä ykdysadyýetindäki bökdençlikler bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, myhmanhana işgärleri islegiň ýokarlanýandygyny görüp, pandemiýa döwründe ýitirilen girdejiniň öwezini dolmaga çalyşýarlar” – diýip, pikir soraşmanyň awtorlary belleýär.

TravelPerk-iň maglumatlaryna görä, islegiň çür depesinde London bilen Amsterdam bar, olar Ýewropanyň iň köp bronlanýan paýtagtlarynyň reýtinginde birinji orna mynasypdyr. Ol ýerde myhmanhanalaryň bahasy gowşak ýokarlandy – Londonda 22%, 200 ýewro çenli, Amsterdamda bolsa 36%, 184 ýewro çenli.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ummanyň aňyrsynda bahalar hasam ýokary. Çikagoda myhmanhanalar 77%, Bostonda 63%, Nýu-Ýorkda 49% ýokarlandy. Awiagatnawlar barada aýdylanda, esasan, Berlin bilen Londonyň arasyndaky gatnawyň bahasy has ýokarlandy.