KHBS: Toyota “Formula-1-e” gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär we “Haas” bilen gepleşik geçirýär

12.07.2024, 08:061,754

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi “Formula-1-e” gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirýär. RacingNews365 neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa “Haas” topary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Bellenilişi ýaly, birinji tapgyrda taraplar hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşyp bilerler. Toyota Kýolndaky aerodinamiki turbasyny ulanyp, “Haas” bolidi üçin detallaryň önümçiligine-de gatnaşyp biler.
Uzak möhletleýin geljekde Toyota 2026-njy ýyldan soň “Formula-1” üçin öz hereketlendirijisini işläp taýýarlamak mümkinçiligini öwrenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.