ispace ýapon kompaniýasy Resilience modulynyň Aýyň üstüne gonjak senesini yglan etdi

08.03.2025, 06:291,205
1 / 2

Resilience kosmiki gämisiniň Aýyň üstüne gonmagy 2025-nji ýylyň 6-njy iýuny gijesine, Aşgabat wagty bilen sagat 00:24-de meýilleşdirilýär. Bu barada  Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň wekilleri habar berdiler.

Resilience gonuş moduly Sowuk deňziniň demirgazyk bölegine gonar.
Apparat öz bortunda alty görnüşli ýüki elter:

  • · Aýdaky suwotulardan azyk önümlerini öndürmek boýunça synaglar üçin moduly,
  • · Aý regolitini ýygnamak üçin enjamlar,
  • · Tenacious Aý rowerini,
  • · suw elektrolizi üçin enjamlary,
  • · radiasiýa datçigini
  • · Bandai Namco, Inc. barlag instituty tarapyndan döredilen ýadygärlik nyşany.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.