2026-njy ýylda “Formula-1-e” täze topar – Cadillac goşular

10.03.2025, 07:001,810
1 / 2

“Formula-1” 2026-njy ýyldan başlap dünýä çempionatyna Cadillac toparynyň gatnaşmagyny resmi taýdan tassyklady. Amerikan topary “patyşalyk ýaryşlarynyň” 11-nji gatnaşyjysy bolar.

“FIA we Formula-1 degişli sport, tehniki we täjirçilik baha bermeleri tamamlanandan soň, General Motors bilen TWG Motorsports-yň 2026-njy ýyldan başlap Formula-1 çempionatynda Cadillac toparynyň gatnaşmagy üçin beren arzasynyň makullanandygyny tassyklap biler” – diýlip, resmi beýanda aýdylýar.

F-1-iň ýaryşa gatnaşyjylarynyň esasy toparyna goşulmak üçin Cadillac güýjüni Adretti topary bilen birleşdirer.
Belläp geçsek, “Formula-1-de” gatnaşýan toparlaryň sany 2016-njy ýyldan bäri on topardan geçmändi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.