Maýamidäki tennis ýaryşy tomaşaçylaryň gatnaşygy boýunça rekord goýdy

02.04.2025, 09:422,353

2025-nji ýylyň 18-nji martyndan 30-njy marty aralygynda Maýamide (ABŞ) geçirilen tennis ýaryşyna 405 448 tomaşaçy gatnaşdy. Bu Indian-Uellsdäki ýaryş bilen bilelikde “Güneş dubluna” girýän ýaryşlar üçin täze gatnaşyk rekordy boldy.

Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl Maýamidäki ýaryşa 395 683 adam gatnaşdy. Ýaryş 1985-nji ýyldan bäri geçirilýär, 2019-njy ýyldan bäri bolsa ony “Hard Rok” stadiony kabul edýär.
Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy, belarusly Arina Sobolenko amerikaly Jessika Pegulany 7:5, 6:2 hasabynda utdy.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşyň finalynda çehiýaly Ýakub Menşik “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek çempiony, serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy. Oýun 7:6, 7:6 hasabynda tamamlandy. Menşik üçin bu ýeňiş “Masters” ýaryşlarynda ilkinji titul boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.