Mesge ýagy we tozan-gülgüne – Vogue şu tomsuň iň moda öwüşginlerini aýtdy

21.06.2025, 11:506,042
1 / 3

Vogue žurnalynyň hünärmenleri tomus möwsüminiň iň esasy trend reňklerini saýlady. Iň moda öwüşginleriniň sanawyna abraýly brendleriň kolleksiýalarynda eýýäm hödürlenen birnäçe reňkler girdi.

Möwsümiň iň esasy reňki ýumşak “mesge ýagy” boldy. Onuň yzyndan tozan-gülgüne, badamjan reňki we asman gök reňki gelýär. Stilistleriň we inflýuenserleriň söýgüli reňkleriniň arasynda doýgun şokolad reňki Mocha Mousse (“mokka muss”) hem bar.
Stilistler bu reňkleriň ählisiniň özara aňsat sazlaşýandygyny belleýär. Iň şowly sazlamalaryň biri “mesge ýagy” bilen “şokoladyň” utgaşmagydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.