Ilon Mask Tesla-nyň taryhynda iň “beýik” tanyşdyrylyşy wada berdi

15.07.2025, 12:258,783

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň ahyrynda, onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň taryhynda “iň beýik” boljak çäräniň meýilleşdirilýändigini yglan etdi.

“Şu wagt Tesla-nyň dizaýn studiýasyndan çykdym. Iň beýik tanyşdyrylyş ýylyň ahyrynda bolar. Taryhda iň gowusy” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

Ol çäre barada giňişleýin maglumat bermedi. Synçylaryň pikiriçe, ol 2017-nji ýyldan bäri gürürňi edilýän, uzak garaşylan Tesla Roadster modeli bolup biler. Ozal awtomobiliň SpaceX tehnologiýasyny, şol sanda tizligini artdyrmak üçin raketa tizleşdirijilerini ulanjakdygy habar berildi.
Şeýle-de, tanyşdyrylyşyň awtopilotyň kämilleşdirilen wersiýasy, täze batareýalar ýa-da beýleki tehnologiki işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly bolmagy-da mümkindir. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.