Tesla üçünji çärýekde rekord satuw etdi, ýöne şonda-da maýadarlaryny begendirip bilmedi

07.10.2025, 12:512,677

Tesla satuwlaryň möçberi boýunça 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde rekord goýdy. Kompaniýa müşderilerine 497 100 sany elektrik ulagyny iberdi - bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7% we öňki çärýek bilen deňeşdirilende 29% köp.

Şeýle-de bolsa, Ilon Maskyň kompaniýasynyň paýnamalary barybir 1% arzanlady. Satuwyň artmagy esasan wagtlaýyn faktor bilen bagly boldy: ABŞ-da alyjylaryň köpüsi elektrik ulagy satyn almak üçin 7500 dollarlyk federal salgyt karzyndan peýdalanmak üçin 1-nji oktýabrdan öň şertnamalaryny resmileşdirmäge howlukdylar.
Tesla-nyň önümçilik görkezijileri o diýen täsirli bolmady. Iýul-sentýabr aýlarynda kompaniýa 447 500 elektrik ulagyny öndürdi, bu 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginden 5% az.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.