Maýkl Jekson baradaky filmiň treýleri tomaşa boýunça rekord goýdy

11.11.2025, 10:175,420

Maýkl Jekson baradaky biografik filmiň treýleri hödürlenenden soňky bir günüň içinde 116 mln tomaşa ýygnady. Bu görkeziji aýdym-saz bilen bagly ähli biografik filmleriň arasynda iň ýokarysy boldy diýip, Deadline habar berýär.

Statistika diňe bir YouTube-da däl, eýsem beýleki onlaýn platformalardaky tomaşalar hem girdi.
Filmiň režissýory Antuan Fukua boldy. Baş keşbi aýdymçynyň ýegeni Jafar Jekson ýerine ýetirdi.
Taslama eýýäm premýeradan öň tomaşaçylaryň we tankytçylaryň ünsüni özüne çekdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, prodýuserler film prokatda gowy netije görkezen ýagdaýynda, onuň ikinji bölümini düşürmek mümkinçiligine seredýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.