Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy iýunda geçiriljek halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

03.02.2026, 16:282,167

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy alymlary we hünärmenleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum 2026-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler we Ylymlar gününe bagyşlanar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habar bermegine görä, maslahat utgaşykly görnüşde — ýüzbe-ýüz we onlaýn tertipde geçiriler. Çäräniň iş dilleri türkmen, iňlis we rus dilleri diýlip bellenildi.
Maslahatyň ylmy tematiki ugurlary alty sany esasy ugry öz içine alýar:

  1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
  2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
  3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
  4. Häzirkizaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
  5. Innowasion ykdysadyýet;
  6. Ynsanperwer ylymlar.

Gatnaşmagyň şertleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary 31-nji marta çenli kabul edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.