"Kokonyň syry" multfilminiň ikinji bölüminiň çykjak senesi yglan edildi

27.03.2026, 10:412,199

"Kokonyň syry" multfilminiň dowamy 2029-njy ýylyň 21-nji noýabrynda çykar. Bu barada The Wall Street Journal gazetiniň žurnalisti Ben Fritz habar berdi.

Ikinji bölüme ýene-de meşhur multfilmiň üstünde işlän Li Ankriç bilen Edrian Molina režissýorlyk eder.

Dowamynyň ýordumy entek mälim edilmedi. Asyl multfilm 2017-nji ýylda çykarylypdy. Ol sazanda bolmagy arzuw edýän we öz maşgalasynyň hakyky taryhyny bilmek üçin Merhumlar dünýäsine ugraýan meksikaly oglanjyk Migel barada gürrüň berýär. 

Frisiň aýtmagyna görä, Pixar-yň başga bir taslamasy bolan Ono Ghost Market 2028-nji ýylyň 10-njy martynda görkezilmeli. Film dirileriň we ölüleriň dünýäleriniň kesişýän ýeri bolan gündogar bazarlary hakyndaky rowaýatlardan ylham alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.