Oskarly "Hemme zat hemme ýerde we birbadanyň" awtorlary täze filmi surata düşürmäge girişer

27.03.2026, 20:352,623
1 / 2

"Hemme zat hemme ýerde we birbada" filmi bilen tanalýan Danielleriň dueti (Den Kwan we Deniel Şaýnert) öňümizdäki tomus täze taslamany surata düşürmäge girişerler. Universal Studios filmi 2027-nji ýylyň noýabr aýynda çykarar.

Awtorlaryň pikirine görä, täze film ylmy-fantastik komediýa žanryndaky uruşganly bolar.

"Bu örän täsirli we gyzykly ylmy-fantastik komediýaly uruşganly bolar. Ynsan dünýäsini her taraplaýyn şöhlelendirer. Filmlerimiziň birinde bolmaly zatlaryň hemmesi şunda jemlener. Dünýäniň barha çylşyrymlaşýan wagtynda, hekaýatçy hökmünde meniň wezipelerimiň biri - dünýäni hakyky bolşunda tanyşdyrmakdan ybarat diýip hasaplaýaryn" - diýip, Den Kwan Collider žurnaly bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Beýleki jikme-jik maglumatlar heniz mälim edilmedi.

Şeýle hem, Danieller “Şweýsar pyçagy deý adam” atly ham-hyýal komediýasy bilen tanalýar. Olaryň "Hemme zat hemme ýerde we birbada" filmi 2022-nji ýylda ekranlara çykyp, dünýäde 143 million dollar girdeji gazandy we "Iň gowy film" bilen birlikde ýedi “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.