Tasmaniýanyň kenaryna golaý adada goýlan ogryn kamera entek görülmedik haýwanlary surata düşürdi

08.04.2026, 14:5612,884
1 / 3

Tasmaniýanyň kenaryna golaý Truwana adasynda alymlar ogryn kameralary ulanyp, ilkinji uly möçberli barlag işlerini geçirdiler. Bu bolsa olara haýwanlaryň seýrek we az öwrenilen görnüşlerini surata almaga mümkinçilik berdi.

2024-nji ýylyň noýabr aýyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli adanyň ýedi ýerinde 30 kamera gurnaldy. Olar 500 000 töweregi surat düşürdi.

Tapyndylaryň arasynda seýrek duş gelýän, gije gezýän torbaly jandarlar bolan ak aýakly dannartlar hem bardy. Çaklanylyşyna görä, olardan Tasmaniýada galany 5000-den az. Kameralar olary ýedi ýeriň altysynda ýazga aldy.

Şeýle hem, tüýüniň gürlügi bilen tapawutlanýan açyk reňkli ehidnalara syn edildi. Olaryň üýtgeşik reňki genetiki hadysa - pigmentasiýanyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr.

Mundan hem başga, kamera uzyn burunly potoru, gündogaryň ownuk possumy we göçegçi guş bolan ýapon ebegi düşdi.

Bu barlag WWF-Awstraliýanyň goldawy bermeginde reýnjerler we Çarlz Stert uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirildi. Bu adada geçirilen şeýle görnüşli ilkinji taslamadyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.