“Ýyldyz söweşleri” filmindäki Boba Fettiň heýkeljigi 1,3 million dollara satyldy

15.04.2026, 15:383,327

1979-njy ýylda çykan "Ýyldyz söweşleri" filmindäki Boba Fettiň heýkeljigi ABŞ-daky Goldin Auctions auksionynda 1,3 million dollara satyldy. Indi ol franşiza boýunça döredilen we auksionda satylan iň gymmat heýkeljik boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň websaýtynda habar berilýär.

Gürrüň Kenner  kompaniýasy tarapyndan döredilen raketa atyp bilýän wersiýasy barada barýar. Heýkeljik öz asyl gaplamasynda saklanyp galypdyr we mandalor sowudynda, ýarag tutup duran gahrymany şekillendirýär.

Bu heýkeljiklerden diňe 30-sy öndürildi, ýöne olar çagalar üçin howpsuz däldigi nukdaýnazaryndan köpçülikleýin öndürilmän galdy. Bu heýkeljiklerden häzirki wagta çenli diňe üçüsiniň galandygy çaklanylýar. Satylan nusga olaryň iň gymmatlysy hasaplanýar. Alyjynyň kimdigi mälim edilmedi.

Öňki rekord “Ýyldyz söweşleri: Jedaýyň gaýdyp gelmegi” filmindäki Bib Fortunanyň heýkeljigine degişli bolup, ol 46 500 dollara satylypdy.

Boba Fett - "Ýyldyz söweşleri" kino sagasynyň gahrymany, janköýerleriň arasynda giňden meşhurlyk gazanan, hakyna tutulan jenaýatçy awçysy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.