Jeki Çan Italiýada görkeziljek «Turandot» operasynyň režissýory bolar

16.04.2026, 16:012,863

Dünýä belli aktýor Jeki Çan öz döredijilik ýolunda özüni ilkinji gezek opera režissýory hökmünde synap görýär. Onuň sahnalaşdyrýan meşhur «Turandot» operasy Italiýada geçiriljek 72-nji Puççini festiwalynda tomaşaçylara hödürleniler.

​Bu täze taslama Jakomo Puççininiň şedewr eseriniň ilkinji premýerasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanýar we ol 17-nji iýuldan 5-nji sentýabra çenli dowam etjek ýubileý möwsüminiň iň esasy wakasy bolar.

​Jeki Çan nusgawy operanyň içine gündogar başa-baş söweş sungatynyň elementlerini we hytaý milli medeniýetiniň aýratynlyklaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Sahnanyň esasy simwollary hökmünde Ajdarha we At saýlanyp alyndy, aýnaly suw howdanlary bolsa bezegleriň üstüni ýetirer.

​Operanyň saz ýolbaşçysy Marko Armilýato. Esasy partiýalary bolsa dünýä ýyldyzlary Roberto Alanýa we Olga Maslowa ýerine ýetirerler.

​Italiýadaky premýeradan öň, ýagny 2026-njy ýylyň maý aýynda täze öwüşgin berlen köne opera Hytaýyň iri şäherlerinde köpçüilge görkeziler.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.