Golliwudda «Battlefield» oýny esasynda uruşly film surata düşüriler

04.05.2026, 18:442,532

Electronic Arts kompaniýasy meşhur «Battlefield» oýunlar toplumyny uly ekrana geçirmek üçin işe başlady. The Hollywood Reporter neşiri kompaniýanyň eýýäm iri kinostudiýalar we striming platformalary bilen gepleşikleri geçirýändigini habar berýär.

Taslamanyň režissýory, ssenariýaçysy we prodýuseri «Ýerine ýetirilmesiz missiýa» («Миссия невыполнима») seriýasy bilen tanalýan Kristofer Makkuorridir. Prodýuserleriň ýene biri hökmünde meşhur aktýor Maýkl B. Jordon hem goşuldy. Onuň filmde baş rollaryň birini janlandyrmagyna-da garaşylýar.

Taslamanyň gymmatlygy we oýnuň dünýä derejesindäki meşhurlygy sebäpli, kinostudiýalaryň arasynda bu filmiň hukuklaryny satyn almak ugrunda uly bäsleşigiň boljakdygy hakynda eýýämden gürrüňler bar. Prodýuserler filmi ilki striming platformalarynda däl-de, uly ekranlarda – kinoteatrlarda görkezmek isleýärler.

2002-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän bu seriýanyň iň soňky bölegi – 2025-nji ýylda çykan «Battlefield 6» taryhdaky iň şowly oýun boldy we satuw boýunça hatda «Call of Duty» oýnundan hem öňe geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.