Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

04.06.2026, 06:452,427

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň soňky gezek öz tebigy ýaşaýyş gurşawynda synlanylan ýeri-de hut şu ýerdi.

Tebigata goýberilen guşlar Sado adasyndaky ýöriteleşdirilen tebigaty goramak merkezinde ýetişdirildi. Ýurduň häkimiýetleri bu guşlaryň sanyny dikeltmek maksatnamasyny dowam etdirmegi we ýakyn wagtda ýene-de birnäçe guşy tebigata goýbermegi maksat edinýärler.

Kekeçli ibisler awçylyk hem-de tebigy ýaşaýyş gurşawynyň ýok bolmagy sebäpli 1970-nji ýyllarda Honsýu adasynda ýitip gidipdiler. Ýapon populýasiýasynyň iň soňky wekili bolsa 2003-nji ýylda heläk bolupdy.

Bu guş görnüşini gaýtadan dikeltmek halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda Hytaýyň goldaw bermegi esasynda başartdy. Häzirki wagtda Ýaponiýada kekeçli ibisleriň umumy sany takmynan 500-e ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.