Alymlaryň tassyklamagyna görä, gadymy adamlaryň DNK-sy gowaklaryň diwarlarynda müňlerçe ýyllap saklanyp bilýär. Gözlegçileriň pikiriçe, bu açyş taryhyň iň gadymy döwürlerinde ýaşap geçen adamlaryň durmuşyny arheologik tapyndylara zeper ýetirmezden öwrenmäge mümkinçilik berer.
Bu barlag işi iň gadymy gowak suratlaryny öwrenmäge gönükdirilen «First Art» taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Işe Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar suratlaryň ýaşyny we himiki düzümini anyklamak bilen bir wagtda, taryhda ilkinji gezek gadymy adamyň DNK-syny göni gowak diwarlaryndan almak usulyny barlap gördüler.
Alymlar 11 sany gowakda ýerleşýän 24 sany suratly panony, şeýle hem diwarlaryň reňklenmedik bölekleriniň, çökündi jynslaryň, süňkleriň we boýag çalmak wezipesini ýerine ýetiren gadymy gurallaryň nusgalaryny öwrendiler. Jemi alnan 54 sany nusganyň 5-sinde gadymy adama degişli hakyky mitohondrial DNK tapyldy.
— Biz käbir sungat eserleriniň gowak diwarlaryna boýagy üflemek ýa-da gysyp sürtmek arkaly çekilendigini bilýäris. Gadymy DNK-ny anyklamagyň häzirki zaman usullarynyň ýokary duýgurlygyny hasaba alyp, biz şeýle galtaşmanyň gowak suratlarynda DNK yzlaryny galdyryp biljekdigini anyklamak isledik. Bu bolsa bize geljekde şol suratlary döreden adamlaryň genetik görnüşini öwrenmäge ýol açar — diýip, arheolog Ipolito Kollado Hiraldo gürrüň berýär.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, nusgalaryň ikisinde haýwanlaryň DNK-sy tapylmady. Bu bolsa adamyň gen materialynyň, ähtimal, tüýküligiň ýa-da beýleki biologik suwuklyklaryň üsti bilen göni diwara ýokuşandygyny görkezýär. Galan ýagdaýlarda bolsa adam we haýwan DNK-synyň bilelikde tapylmagy, olaryň diwara suw ýa-da çökündiler arkaly syrygandygyna şaýatlyk edýär.
Geçirilen has düýpli barlaglar nusgalaryň üçüsiniň aýallara, biriniň erkege degişlidigini görkezdi, biriniň jynsyny bolsa anyklamak başartmady. Şeýle-de iki sany nusganyň günbatar awçy-ýygnaýjylaryň genetiki klasterine degişlidigi anyklandy, bu bolsa Pireneý ýarym adasynyň gadymy ilaty baradaky maglumatlar bilen gabat gelýär.
Gözlegçiler bu täze usulyň kömegi bilen arheologik ýadygärlikleriň bitewüligini bozmazdan gowaklara kimleriň gelendigini, olaryň haýsy jynsa we ilata degişlidigini, şeýle hem gowaklaryň çuňlugyna näderejede aralaşandyklaryny anyklap boljakdygyna ynanýarlar.