Maýami-Biçde «Odisseýa» filminiň çykmagynyň öňüsyrasynda Troýa atyny gurnadylar

Şu gün, 06:102,726
1 / 2

Režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň ilkinji görkezilişiniň öňüsyrasynda Maýami-Biç kenarynda Troýa atynyň uly heýkeli gurnaldy. Bu epik ekran eseri 17-nji iýulda tomaşaçylara ýetiriler.

Heýkeli filmde Odisseýiň we Ewmeýiň keşbini janlandyran aktýorlar Mett Deýmon we Jon Leguizamo tanyşdyrdylar.

«Odisseýa» Nolanyň 13-nji doly göwrümli çeper filmi boldy. Režissýor Gomeriň gadymy grek poemasynyň esasynda filmiň ssenariýasyny-da özi ýazdy we Emma Tomas bilen bilelikde prodýuserligem etdi.  Bu filmiň boýdan-başa IMAX kameralarynda düşürilen ilkinji kinodygyny-da bellemek gerek.

Taryhy taslamada Tom Holland, Robert Pattinson, Zendaýa, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Şarliz Teron, Benni Safdi we Jon Berntal ýaly meşhurlar hem surata düşdiler.

Surata düşüriliş işleri takmynan ýarym ýyl dowam etdi we olar Marokkoda, Gresiýada, Italiýada, Maltada, Şotlandiýada, Ispaniýada alnyp barlyp, Los-Anjelesde tamamlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.