Ispaniýada kanuny hukugy bolmazdan ýaşaýan bir milliondan gowrak migrant hökümet tarapyndan aprel aýynyň ortalarynda badalga berlen migrasiýa amnistiýasy maksatnamasynyň çäginde kanunylaşmak üçin arza berdi. Bu görkeziji, takmynan 500 müň adamy kanunylaşdyrmagy meýilleşdiren häkimiýetleriň ilkinji garaşyşyndan iki esse köpdür.
Arzalary kabul etmek sişenbe güni tamamlandy. Indi häkimiýetleriň resminamalara seretmek we diňe Ispaniýanyň çäginde geçirip boljak iş we ýaşaýyş rugsatnamalaryny bermek baradaky karary kabul etmekleri üçin üç aý wagty bar.
Maksatnama gatnaşmak üçin arzaçylar 1-nji ýanwaryň ýagdaýyna görä ýurtda azyndan bäş aýlap bolandyklaryny, şeýle hem kazyýet jogapkärçiligine çekilmändiklerini subut etmelidirler.
Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň sözlerine görä, bu maksatnama ýüzlerçe müň adamy bikanun ýagdaýdan çykarmaga gönükdirilendir we ýurduň ykdysadyýetiniň, aýratyn-da ilaty azalýan sebitleriň isleglerine görä işlenendir. Ol şeýle hem birinji ýylda durmuşa geçirilmegi üçin 500 million ýewro göz öňünde tutulan «Integrasiýa we raýatlyk meýilnamasynyň» döredilendigini-de mälim etdi.
Häkimiýetleriň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Ispaniýada serhedi bikanun kesip geçmegiň 37 müňe golaý ýagdaýy hasaba alyndy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42,6% azdyr. 1-nji ýanwaryň ýagdaýyna görä, ýurduň umumy ilatynyň sany takmynan 50 million bolup, onuň 10 milliona golaýyny daşary ýurtlarda doglan adamlar düzýär.