Anthropic: ABŞ Claude Fable 5 we Mythos 5 modellerinden eksport çäklendirmelerini aýyrdy

Şu gün, 10:14778

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň Söwda ministrligi tarapyndan eksport çäklendirmeleriniň aýrylmagyndan soň, Claude Fable 5 we Claude Mythos 5 emeli aň modellerine ählumumy girmegi tapgyrlaýyn dikeldip başlajakdygy barada X sosial ulgamynda habar berdi.

Belli bolşy ýaly, iýun aýynyň başynda ABŞ-nyň häkimiýetleri milli howpsuzlyk ýagdaýlaryna esaslanyp, Fable 5 we Mythos 5 modelleriniň ulanylyşyny çäklendiripdiler. Soňra Anthropic kiberhowpsuzlyk ulgamynda işleýän amerikan kompaniýalarynyň çäklendirilen gurşawyna Mythos 5 modelinden peýdalanmaga rugsat alypdy.

​Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, çäklendirmeleri ýatyrmak baradaky karar ABŞ-nyň administrasiýasynyň kompaniýanyň hökümet bilen bilelikde bu modelleriň ulanylmagy bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirendigi barada gelen netijesinden soň kabul edildi.

​Döwlet gözegçiliginiň güýçlenmeginiň täsiri bilen OpenAI hem özüniň täze GPT-5.6 modeliniň ýaýradylmagyny çäklendirip, oňa girmek hukugyny diňe tassyklanan hyzmatdaşlaryna beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman häzirki wagtda hereket edýän düzgünleşdiriş tertibiniň «iň gowy usul däldigini» syzdyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.