Daýwerler Florida-Kis arhipelagynyň golaýynda deňziň düýbünden agramy 10 kilogram töweregi bolan kümüş tokgasyny tapdylar, onuň ispan galeony “Nuestra Senýora de Atoça” gämisine degişlidigi çak edilýär. Hazynaly gämisi 1622-nji ýylda gark bolupdyr.
Tapyndy Mel Fisher's Shipwreck Expeditions topary tarapyndan ýüze çykaryldy. Bu gämi heläkçiliginden soň 30 ýyla golaý wagtyň içinde tapylan ilkinji kümüş tokgasy. Onuň bahasy takmynan 100 000 dollara barabar diýlip çaklanylýar.
"Atoça" gämisi Amerikadan Ýewropa gymmatly zatlary daşaýan Ispan flotunyň düzümine giripdir. Galeon gämisi suwa goýberilenden iki ýyl soň tupanda heläkçilige uçrapdyr. Taryhy maglumatlara görä, gämide 35 tonna kümüş, 161 altyn tokgasy we beýleki gymmatly zatlar bar eken. Gämi heläkçiliginde 260 adamdan 255-si ölýär.
Gäminiň gark bolan ýeri 1985-nji ýylda hazyna gözleýji Mel Fişer tarapyndan 16 ýyl gözlegden soň tapyldy. Şondan bäri barlagçylar artefaktlary tapmagy dowam edýärler, sebäbi gäminiň bölekleri we ýük giň meýdana pytrapdyr.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, deňziň düýbünde bahasy 120 million dollardan gowrak gymmatly zatlar galýar.