OpenAI kompaniýasy öz aksiýalarynyň 5%-ini ABŞ-nyň Prezidentiniň administrasiýasynyň gözegçiligine geçirmek hakda teklip etdi. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altmanyň sözlerine görä, şeýle ädim emeli aň ulgamyndaky çalt ösüşleriň ykdysady bähbitlerini Amerikan hökümeti bilen paýlaşmagyň iň amatly usulydyr. Altman bu gymmatly kagyzlary geljekde diwidentleri kabul etjek we paýlajak ýöriteleşdirilen döwlet gaznasyna ugratmagy zerur hasaplaýar.
Şol bir wagtyň özünde, OpenAI beýleki emeli aň kompaniýalaryny hem özünden nusga almaga çagyrýar. Bu başlangyç eýýäm biržada söwdasy edilýän açyk korporasiýalara-da, heniz IPO geçirmedik ýapyk startaplara-da (bulara OpenAI-yň özi hem degişlidir) degişlidir. Häzirki wagtda bazaryň beýleki gatnaşyjylarynyň arasynda bu teklibi goldanlaryň bardygy ýa ýokdugy näbelli bolup galýar.
Financial Times-yň žurnalistleri paýyň mugt berilmeginiň OpenAI kompaniýasyna Donald Trampyň administrasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary gurmaga kömek edip biljekdigini nygtaýarlar. Ak tam soňky döwürde emeli aňy döredijilere has çynlakaý gysyşlary görkezip gelýär.
Muňa mysal edip, Anthropic kompaniýasy bilen bolan ýakyndaky ýagdaýy görkezmek bolar. Iýun aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň hökümeti bu kompaniýadan özüniň iň kämil emeli aň modelleri bolan — Fable 5 we Mythos 5-i ähli daşary ýurtly ulanyjylar üçin ýapmagy talap etdi. Müşderileri raýat ýagdaýy boýunça çaltlyk bilen aýyrmak mümkin bolmansoň, Anthropic bu modellere girişi dolulygyna öçürmäge mejbur boldy. Olary diňe resmiler bilen geçirilen birnäçe gepleşiklerden soň, 1-nji iýuldan başlap işe girizmek başartdy.
Meňzeş çäklendirmeler OpenAI-yň özüne hem täsir etdi. Iýun aýynyň ahyrynda kompaniýa özüniň iň täze önümi bolan GPT-5.6 modeline deslapky girişi açdy, emma ondan diňe hökümet tarapyndan tassyklanan sanawdaky şahslar peýdalanyp bildiler. Köpçülikleýin çykarylyş bolsa has giçki möhlete geçirildi.
Reuters-iň habar berşi ýaly, Sem Altman häkimiýetler tarapyndan emeli aňyň howpsuzlyk barlaglaryny «gowy teklip» diýip atlandyrdyran-da bolsa, şol bir wagtyň özünde gözegçilik usullaryny tankyt edip, ulanyjylary hökümetiň saýlaýandygyndan närza boldy.