HMD Global kompaniýasy Nokia brendiniň astynda dört sany täze düwmeli telefon çykarýandygyny yglan etdi we olara ornaşdyrylan emeli aňly (AI) ses kömekçisiniň işi barada jikme-jik detallary mälim etdi.
Täze modelleriň hemmesinde ses kömekçisini işjeňleşdirmek üçin ýörite düwme göz öňünde tutulypdyr. Bu hyzmat «Sikey AI» tarapyndan işlenip düzülipdir. Onuň kömegi bilen ulanyjylar ses buýruklary arkaly ýatlatmalary, oýadyjylary sazlap, telefon belgilerini ýygnap, şeýle hem yşyk çyrany (fonar) we arka kamerany işledip bilýärler.
Mundan başga-da, AI gurluşyň eýesiniň esasy soraglaryna jogap berip bilýär. Bu hyzmat satyn alnan pursadyndan başlap 180 günüň dowamynda mugt berilýär, şondan soňra ulanyş üçin töleg alnyp başlanar.
Modelleriň arasyndaky esasy tapawutlar kameralaryň barlygy we olaryň mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr:
- Nokia 235 4G: 2 MP esasy kamera bilen üpjün edilen.
- Nokia 210 4G: has ýönekeý VGA-kamera bilen enjamlaşdyrylan.
- Galan iki modelde bolsa esasy kamera düýbünden ýok.
Galan tehniki parametrleri boýunça dört enjam hem biri-birine meňzeşdir. Telefonlar iki sany SIM-karta üçin ýer, gulaklyk birikdirmek üçin 3,5 mm ýer, Bluetooth 5.0 moduly we 32 GB-a çenli giňeldip bolýan microSD karta ýeri bilen üpjün edilipdir. Gurluşlaryň özbaşdak işlemegi bolsa 1450 mAs kuwwatlylygy bolan aýrylýan batareýa arkaly üpjün edilýär.