«Forsažyň» iň soňky bölümi düşürilip başlandy

Şu gün, 12:151,917

Win Dizel «Forsaž ebedi» (Fast Forever) filmini düşürmek işleriniň başlanandygyny mälim etdi. Onuň premýerasy 2028-nji ýylyň 17-nji martyna meýilleşdirilýär. Bu film 2001-nji ýylda «Forsaž» filmi bilen başlanan franşizanyň 11-nji we jemleýji bölümi bolar.

«Men häzir surata düşürilýän meýdançada. Adamlar arman zähmet çekýär. Men bir sekunt wagtymy aýryp, size minnetdarlyk bildirmek isledim. Siz dünýäniň iň gowy muşdaklary. Biz soňky üç ýarym ýylyň dowamynda filmiň finalyny, hakykatdan hem, haýran galdyryjy etmek üçin yhlasly zähmet çekdik» – diýip, Dizel özüniň sosial ulgamlarynda aýtdy.

Franşizanyň iň soňky böleginiň ssenarisiniň üstünde «Açlyk oýunlary» (The Hunger Games) filmi bilen tanalýan Maýkl Lesli işleýär. Filmdäki wakalar ýene-de öz gözbaşyna: köçe ýaryşlaryna we awtoulag medeniýetine dolanar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda «Forsaž» älemi boýunça dört serial hem taýýarlanylýar. Olaryň biri Peacock platformasynda görkeziler. Beýlekileri bolsa häzirki wagtda taslamanyň dürli tapgyrlarynda bolup, olar bilen Universal Television studiýasy meşgullanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.