Boksçy Mohammed Ali baradaky «Beýik» serialynyň treýleri çykdy

Şu gün, 02:412,928
1 / 2

Prime Video striming hyzmaty rowaýaty boksçy Mohammed Ali baradaky «Beýik» (The Greatest) atly serialyň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Bu mini-serial şu ýylyň 4-nji noýabrynda internet torunda elýeterli bolar.

Aliniň keşbini ýaňy başlan aktýor Jaalen Best ýerine ýetirdi. Birinji möwsüm jemi sekiz bölümden ybarat bolar. «Beýik» serialy Aliniň beýik boksçy hökmünde kemala gelmeginiň esasy tapgyrlaryny, ýagny ilkinji ýeňişlerinden başlap, tä dünýä şöhratyna çenli bolan aralygy öz içine alar.

«Oskar» baýragynyň eýesi Maýkl B.Jordan («Günäliler», «Krid») serialyň ýerine ýetiriji produserleriniň biri hökmünde çykyş etdi. Mohammed Aliniň durmuşy baradaky iň meşhur kino taslamasy režissýor Maýkl Mannyň baş keşpde Will Smit bilen 2001-nji ýylda düşüren biografik filmi hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.