Amerikaly bir zenan kürekli gaýykda rekordly syýahaty amala aşyrdy

Şu gün, 13:211,792

Amerikaly Kelsi Pfendler Kaliforniýadan Gawaýi adalaryna çenli kürekli gaýykda ýeke özi rekordly syýahaty amala aşyrdy. Ol suwda bir ýarym aýa golaý wagt geçirdi diýip, «CNN» neşiri ýazýar.

Pfendler rafting boýunça ýolbelet bolup işleýär. Ol Ýuwaş umanyň merkezi bölegini kürekli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçen ilkinji amerikaly zenan bolmagy arzuw edýärdi.

Ol maý aýynda Kaliforniýanyň Montereý şäherinden 6,5 metr töweregi uzynlykdaky gaýykda ýola düşdi. Kelsi, takmynan, 3900 km aralygy ýüzüp geçip, 2-nji iýulda agşam Gawaýi adalarynyň Gonolulu duralgasyna geldi. Tutuş ýoly geçmek üçin Kelsä 44 günden hem az wagt gerek boldy.

Ol bütin syýahatynyň dowamynda wideo-gündelikleri düşürip, öz syýahatyny jikme-jik aýdyp berdi. Kelsi şemal wagty ýatmagyň kynçylyklary, nahar taýýarlamak, eşik ýuwmak we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi.

Ummandaky kürekli ýüzüşleri hasaba alýan we Ginnesiň rekordlar kitaby üçin netijeleri bahalandyrýan Ocean Rowing Society International guramasynyň berýän maglumatyna görä, Pfendler, degişlilikde, 86 we 52 gün bolan zenanlaryň hem-de erkekleriň arasyndaky öňki tizlik rekordyny täzelän bolup biler. Gurama Kelsiniň bu üstünligi barada entek resmi taýdan teswir bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.