Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Ýylda 7 müň 200 tonna önüm öndürmäge ukyply bolan bu kämil desganyň işe girizilmegi ýurduň gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwatyny has-da artdyrdy.

Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň, dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Çykyş edenler senagat toplumynda giň möçberli özgertmeleriň ýurt ýolbaşçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Ýurtda dokma senagatynyň sazlaşykly ösdürilmegi we täze toplumlaryň bina edilmegi eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen birlikde, täze iş orunlarynyň döremegine hem şert döredýär.

Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen enjamlaşdyryldy we ol içerki sarp edijileri ekologik taýdan arassa serişdeler bilen üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän we daşky gurşawa zyýansyz bolan bu binada täze iş orunlarynyň 60-sy döredildi.


Häzirki wagtda ýurduň dokma senagatynyň garamagynda 59 sany kärhana hereket edip, olarda 24 müňe golaý işgär zähmet çekýär.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Gatnaşyjylar ýurduň abadançylygy ugrunda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine öz alkyşlaryny beýan etdi.
Dabaranyň dowamynda täze önümçilik binasynyň toý bagy kesilip, onuň şertleri bilen tanyşlyk boldy we täze desganyň açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.