Türkmen agyr atletikaçylary Kalidäki ýetginjekleriň dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandy

Şu gün, 05:521,327
1 / 3

Türkmen türgenleri Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Aýratyn-da, 53 kg çenli agram derejesinde çykyş eden türgen gyzlar ýokary ussatlyk görkezip, hormat münberiniň esasy orunlaryny eýelemegi başardy.

Zenanlaryň arasynda 53 kg çenli agramda Ogulşat Amanowa silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça 191 kg netije bilen dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, ol iki ugruň hersi boýunça hem kiçi altyn medallary almagy başardy.

Şu agram derejesinde çykyş eden ýene bir türkmen türgeni Şabnam Kerimbaýewa bolsa jemi 188 kg netije bilen dünýä birinjiliginiň bürünç medalyna mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 83 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg görkezdi. Şabnam ikinji görnüş boýunça kiçi kümüş medaly hem eýeledi.

Bu agram derejesinde ikinji orna Filippinlerden Jodi Peralta mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 85 kg, itekläp götermekde 103 kg alyp, jemi 188 kg netije görkezdi.

Oglanlaryň arasynda türkmen agyr atletikaçysy Atabek Azamatow üstünlikli çykyş etdi. Ol 60 kg çenli agram derejesinde silterläp götermekde 116 kg we itekläp götermekde 133 kg göterip, jemi 249 kg netije bilen dünýä çempionatynyň kümüş medalyny gazandy. Şeýle hem Azamatow silterläp götermek boýunça iň ýokary netijäni görkezip, kiçi altyn medal bilen sylaglandy.

Bu agramda diňe bir kilogram tapawut bilen Azamatowdan öňe geçen Meksikanyň wekili Wiktor Mendes (250 kg) ýeňiji boldy. Bürünç medaly bolsa Russiýadan Ýewgeniý Butuzow aldy.

Ýetginjekleriň dünýä çempionaty 11-nji iýula çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.