Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin «Altyn ýolbars» baýragyny alar

Şu gün, 18:582

Amerikaly aktýor, režissýor we prodýuser Jorj Kluni dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin «Altyn ýolbars» hormat baýragynyň eýesi bolar. «The Hollywood Reporter» neşiriniň habar bermegine görä, bu baýrak oňa 2–12-nji sentýabr aralygynda geçiriljek 83-nji Wenesiýa kinofestiwalynda gowşurylar.

Kluni Wenesiýadaky bu çäräniň özüniň iň gowy görýän festiwalydygyny aýdyp, «Altyn ýolbars» baýragyny almagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Festiwalyň çeper ýolbaşçysy Alberto Barbera Klunini «hemmetaraplaýyn ösen we özüne çekiji artist» diýip atlandyrmak bilen, onuň kinodaky üstünlikleri awtorlyk taslamalary hem-de işjeň ynsanperwerlik işleri bilen utgaşdyrmagy başarandygyna ünsi çekýär.

Kluni üçin Wenesiýa festiwaly aýratyn hasaplanýar. Çünki, bu ýerde onuň režissýorlyk eden «Gijäňiz haýyrly bolsun we şowlulyk ýar bolsun» (Good Night, and Good Luck) filminiň, «Martyň idlary» (The Ides of March) dramasynyň, «Grawitasiýa» (Gravity) fantastik filminiň, geçen ýyl bolsa «Jeý Kelli» (Jay Kelly) kartinasynyň premýeralary boldy.

Kluni karýerasynda iki sany «Oskar», dört sany «Altyn globus», BAFTA, «Emmi» we beýleki köp sanly baýraklary gazandy. Ol aktýorlyk işinden başga-da, film düşürmegi hem-de prodýuserlik etmegi dowam etdirýär, şeýle-de eýýäm ýigrimi ýyl bäri ynsanperwerlik taslamalary bilen meşgullanýar.

Şu ýyl «Altyn ýolbars» baýragyna nemes režissýory Werner Hersog hem mynasyp bolar. Wenesiýa kinofestiwalynyň doly maksatnamasy 23-nji iýulda yglan ediler. Ýaryşyň eminler agzasyna bolsa aktrisa we režissýor Meggi Jillenhol ýolbaşçylyk eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.