Tailandda ýaşy 2000 ýyla barabar iki sany altyn ýüzük tapyldy

Şu gün, 09:482,458
1 / 3

Tailanddaky Don Ýaý Thong ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany altyn ýüzük tapdy. Olar adam galyndylarynyň golaýyndan ýüze çykaryldy. Bu tapyndylaryň ýaşy 2000 ýyla barabar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.

Gözlegçiler ýüzükleriň birinde gadymy hindi ýazuwy bolan brahmi şriftinde ýazylan ýazga üns berdi. Hünärmenler bu ýazgynyň «pusarakhitasa» diýlip okalýandygyny we onuň «Puşýa tarapyndan goralýan adam» diýmekligi aňladýandygyny öňe sürýär. Bu bolsa hindi astronomiýasyndaky oňyn ýyldyzlar toplumynyň biridir.

Ikinji ýüzükde bolsa alymlar hiç hili nagyş ýa-da ýazgy tapmady. Bilermenleriň çaklamagyna görä, onuň eýesi gadymy hindi kastasyna — waýşýalara degişli bolan söwdagär bolan bolmagy mümkin.

Don Ýaý Thong ýadygärligi ýurduň paýtagty Bangkokdan, takmynan, 130 km uzaklykda ýerleşýär. Ol 2026-njy ýylyň başynda ýerli ýaşaýjylar gadymy bürünç deprekleriň böleklerini tapandan soň ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň ýaşy 1500–2500 ýyl aralygynda diýlip çaklanylýar.

2026-njy ýylyň fewralyndan bäri geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar Don Ýaý Thongda sekiz sany adam skeletini, bürünç we altyn şaý-sepleri, keramika önümlerini we başga-da köp sanly tapyndylary ýüze çykardy. Tapyndylar bu ýeriň baý adamlary ýa-da jemgyýetiň ýokary gatlagynyň wekillerini jaýlamak üçin hyzmat edendigini görkezýär. Gazuw-agtaryş işleri ýene bir aýdan tamamlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.