Londonda Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň ilkinji görkezilişi boldy

Şu gün, 02:472,608
1 / 2

6-njy iýulda Londonda «Odisseýa» filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kristofer Nolanyň bu epiki filmi Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dünýäniň beýleki ýurtlarynda ekrana çykarylmazdan bir ýarym hepde öň görkezildi. 

«Odisseýanyň» bütindünýä premýerasynda gyzyl ýoda dabarasy guraldy. Taslamany filmde baş keşpleri janlandyran meşhur ýyldyzlar: Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteueý, Robert Pattinson, Lupita Niongo, Zendeýa we Şarliz Teron tanyşdyrdy.

«Odisseýa» gadymy grek şahyry Gomeriň adybir eseriniň esasynda döredilen epiki wakany gürrüň berýär. Bu film dolulygyna diňe IMAX kameralaryna düşürilen ilkinji film boldy. Kinokartinanyň doly premýerasy 17-nji iýulda bolar, hünärmenler filmiň diňe ABŞ-nyň özünde 80 million dollar töweregi girdeji bilen başlamagyna garaşýar.

Sosial torlarda eýýäm film boýunça ilkinji synlar peýda boldy. Syn berijiler «Odisseýa» ýokary baha berip, ony «haýran galdyryjy», «üýtgeşik bir üstünlik», «kinematografik dabara» diýip atlandyrdy. Resmi synlar bolsa indiki hepdede elýeterli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.