Kopengagen yzygider ikinji ýyl ýaşamak üçin dünýäniň iň rahat şäheri boldy

Şu gün, 05:381,329

Beýik Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi dünýäde ýaşamak üçin iň rahat şäherleriň ýyllyk reýtingini hödürledi. «CNN» neşiriniň ýazmagyna görä, bu sanawda birinji orny bassyr ikinji ýyl Daniýanyň Kopengagen şäheri eýeledi.

Bu reýting şäherleriň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlary, daşky gurşawy we infrastrukturasy baradaky maglumatlara esaslanyp düzülýär. Analitikler şäherlerde adamlaryň duş gelip biljek kynçylyklaryna we meselelerine baha berýär.

Kopengagen durnuklylygyň we infrastrukturanyň ýokary görkezijileri, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň ýokary hili netijesinde birinji orny eýeledi.

Sanawyň ikinji ornunda bolsa, geçen ýyl bolşy ýaly, Wena şäheri ýerleşdi. 2025-nji ýylda Wena bu ornuny Sýurih bilen paýlaşypdy, ýöne Sýurih 2026-njy ýylda üç basgançak aşak düşdi.

Şeýle-de, iň rahat şäherleriň ilkinji onlugyna Melburn, Sidneý, Ženewa, Osaka, Adelaida, Wankuwer we Tokio girdi. Käbir şäherleriň, aýratyn-da Kuweýt, Maskat we Tähran şäherleriniň reýtingdäki görkezijileri peseldi.

EIU merkeziniň hünärmenleri dünýä boýunça durmuş hiliniň ortaça görkezijisiniň geçen ýylkydan üýtgemändigini belledi. Ýakyn Gündogarda durnuklylyk derejesiniň peselmegi Aziýa sebitinde saglygy goraýyş ulgamynyň gowulanmagy bilen deňleşdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.