ABŞ-nyň Zikgehanasy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli Azatlyk jaňynyň (Liberty Bell) şekilinde kolleksiýa teňňelerini çykarar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

«Agramy ýarym unsiýa bolan “Azatlyk jaňy” altyn teňňesi — ABŞ-nyň täze taryhynda tegelek däl görnüşli ilkinji teňňedir. <...> Azatlyk jaňy uzak wagtlaryň dowamynda köp sanly amerikaly üçin erkinligiň we deňligiň nyşany bolup hyzmat etdi, ýöne hiç bir nyşan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döremegine getiren özygtyýarlyk ugrundaky rewolýusion göreş ýaly uly ähmiýete eýe bolmandy» – diýlip, habarda bellenilýär.

Teňňäniň ýüz tarapynda Azatlyk jaňy şekillendirilip, onuň üstünde «LIBERTY» (Azatlyk) we «IN GOD WE TRUST» (Hudaýa bil baglaýarys — ABŞ-nyň resmi şygary) ýazgylary, şeýle hem 1776–2026-njy ýyllar ýerleşdirilen.
Arka tarapynda bolsa baýramçylyk feýerwerkiniň fonunda Filadelfiýanyň Garaşsyzlyk meýdançasyndaky bina şekillendirilipdir. Bu binada 1776-njy ýylda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasy kabul edilipdi we ilkibaşda Azatlyk jaňy hem şol ýerdedi.
Jaňyň tutawajynda «UNITED STATES OF AMERICA» we «E PLURIBUS UNUM» diýen ýazgylar oýulyp ýazylypdyr. Şeýle-de, onda teňňäniň nominal bahasy $125, agramy 1/2 OZ. we altynyň probasy.9999 FINE GOLD görkezilen. Bu teňňäniň 16-njy iýulda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, «Azatlyk jaňy» teňňesinden başga-da, ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, Prezident Donald Trampyň şekili bolan ýene bir ýadygärlik teňňe peýda bolar. Onuň çykarylmagyny şu ýylyň martynda Trampyň özi tarapyndan bellenilen Sungat işleri boýunça federal komissiýa biragyzdan makullapdy.
Bu teňňe 24 karatlyk altyndan zikgelener we dolanyşyk üçin niýetlenmedik kolleksiýa tapgyrynyň bir bölegi bolar. Onuň dizaýny Milli portret galereýasyndaky Trampyň resmi portretiniň esasynda taýýarlanyldy: suratda Prezident stoluň üstüne abanyp, göni kamera seredip duran ýagdaýynda şekillendirilen.