7,6 mlrd adam şaýat: 2029-njy ýylda Apofis asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Şu gün, 09:323,125

2029-njy ýylyň aprel aýynda Ýeriň ýaşaýjylary XXI asyryň iň täsin astronomik wakalarynyň birine şaýat bolup biler. Apofis (99942 Apophis) asteroidi biziň planetamyza şeýle bir golaý aralykdan uçup geçer welin, ony Ýer şarynyň ilatynyň, takmynan, 90%-i, ýagny 7,6 milliard töweregi adam dürbi we teleskop ulanmazdan, ýönekeý göz bilen görüp biler.

Synçylar üçin ol asmandaky beýleki ýyldyzlaryň arasynda haýallyk bilen süýşüp barýan ýagty ýyldyz ýaly görner. Ýere iň ýakyn gelen pursatynda onuň asmandaky hereketi minutda, takmynan, dolan Aýyň diametrine barabar bolar, şonuň üçin asteroidiň süýşüşini hatda teleskopsyz hem saýgaryp bolar.

Apofis iň ýokary ýagtylygyna 2029-njy ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabat wagty bilen sagat 01:35-de, Kamerunyň asmanynda bolan pursatynda ýeter. Şol pursatda ony synlamak üçin iň amatly şertler Afrikanyň, Aziýanyň uly böleginiň, Günorta Amerikanyň gündogarynyň we Ýewropanyň käbir sebitleriniň ýaşaýjylarynda bolar. Eger howa şertleri gowy bolsa, bu wagt aralygynda asteroidi 3,9 milliard töweregi adam görüp biler.

Asteroid Ýere iň golaý aralyga, takmynan, bir sagatdan soň — 14-nji aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 02:45-de geler. Ol Atlantik ummanyň üstünden bary-ýogy 31,6 müň km uzaklykdan, ýagny geostasionar hemralaryň orbitasyndan hem aşakdan uçup geçer. Şeýle ýakynlaşma garamazdan, NASA-nyň hünärmenleri onuň kosmiki enjamlar bilen çaknyşmak ähtimallygyny we iň bolmanda ýakyn ýüz ýylyň dowamynda Ýere gaçmak töwekgelçiligini doly ret edýär.

Gyzykly ýeri, Apofis 2004-nji ýylda ilkinji gezek ýüze çykarylanda onuň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy 37-den 1 diýlip hasaplanylýardy. Emma soňky yzygiderli gözegçilikler asteroidiň orbitasyny has takyk kesgitlemäge we bu howpy doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda bu waka howp hökmünde däl-de, üýtgeşik bir ylmy mümkinçilik hökmünde seredilýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, Ýeriň güýçli grawitasiýa täsiri Apofisiň ýoluny biraz üýtgedip biler, onuň üstünde toprak süýşgünlerini döredip biler ýa-da aşaky gatlaklaryny açyp biler. Bu taryhy prosese dünýädäki ýerüsti obserwatoriýalar tarapyndan gözegçilik ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.