Geçen maliýe ýylynda Nýu-Ýorkuň ýaşaýyş jaý agentliginde (NYCHA) işleýän santehnik Ýakub Markowski 465 000 dollar gazandy. «The New York Times» gazetiniň ýazmagyna görä, onuň bu girdejisi Nýu-Ýorkuň häkimi Zohran Mamdaniniň, polisiýa komissarynyň we şäheriň 350 000 çemesi munisipalitet gullukçylarynyň tas hemmesiniňkiden ýokary boldy.
Markowskiniň girdejisi esasy zähmet hakyndan hem-de rekord derejeli 2560 sagat artyk iş üçin tölegden ybarat boldy. Bu bolsa dynç günsüz işlän ýagdaýynda günde ortaça ýedi sagat goşmaça zähmet çekmek diýmekdir. Ýöne häzirki wagtda onuň bu işjeňligi Nýu-Ýorkuň gurluşyk departamenti tarapyndan barlanylýar.
Häkimiýetleriň ünsüni diňe bir onuň adatdan daşary uly iş ýüki däl, eýsem şol bir wagt aralygynda Markowskä degişli bolan Super Plumbers Corp. NYC we Dynamic Blue Water Mechanical hususy kompaniýalaryň Manhetteniň we Brukliniň abraýly etraplarynda 70-den gowrak taslamany ýerine ýetirendigi hem özüne çekdi.
NYCHA-nyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda Markowski döwlet we hususy işi bilelikde alyp barmak üçin rugsatnama alypdyr. Ýöne 2024-nji ýylda ol ýangyn howpsuzlygy toparynda ýolbaşçy wezipesine geçirilýär. Agentligiň wekili Barbara Brankaççonyň aýtmagyna görä, şondan soň ol täze wezipe üçin gaýtadan rugsatnama sorap ýüz tutmady.
Plumbing Foundation City of New York täjirçilik däl pudaklaýyn topary geçen ýyl gurluşyk departamentine şikaýat arzasy bilen ýüz tutup, ýagdaýyň şübhelidigini görkezipdi. Guramanyň ýerine ýetiriji direktory Eýpril MakAýwer neşire beren düşündirişinde: «Bir adama şäheriň santehnik-gözegçisi bolup işläp we beýleki gullukçylardan iş wagtyndan daşary iş üçin has köp töleg alyp, şol bir wagtda hususy biznesi dolandyrmagyna ýol bermek — bu pul sowrujylyk bolup, NYCHA-nyň bitewiligini hem-de iş howpsuzlygyny sorag astyna goýýar» – diýip belledi.
Markowskiniň özi bolsa bu barada teswir bermekden ýüz öwürdi we žurnalistiň jaňyny işiniň köplügini bahanalap, öçürip goýberdi.