2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Raýatlary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary kabul eder.
- Geçiriljek wagty: sagat 9:00-dan 12:00-a çenli.
- Geçiriljek ýeri: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 150-nji jaý (Adalat ministrliginiň binasy).
- Telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.