La Nacion: FDB Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň maliýe işleriniň derňewine başlady

Düýn, 10:224,560

Amerikanyň Federal Derňew Býurosy (FDB) we üç sany federal prokuror Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň (AFA) ABŞ-daky şübheli pullarynyň «yzyna düşdi». La Nacion neşiriniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda bu edaralar resminamalary we şaýat görkezmelerini ýygnap başladylar.

Derňewçiler amerikan banklary arkaly aýlanan ýüzlerçe million dollaryň nireden gelip, nirä gidendigini anyklamaga synanyşýarlar. Barlagyň esasy maksady – bu pullaryň galplyk ýa-da hapa pullary ýuwmak ýollary bilen baglydygyny ýa däldigini bilmek bolup durýar.

Bu uly dawa-jenjeliň merkezinde TourProdEnter LLС atly firma dur. Geň galdyrýan ýeri, bu kompaniýa futbol dünýäsine däl-de, belli teatr prodýuseri Hawier Faronä degişlidir.

Soňky ýyllarda şu prodýuser we onuň aýaly Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň adyndan halkara şertnamalaryň pullaryny ýygnamak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryň hatarynda Adidas we Warner ýaly dünýä ägirtleri hem bar.

Şunlukda kompaniýa ABŞ-nyň 5 sany uly bankyndaky hasaplar arkaly 300 million dollardan gowrak pul geçiripdir. Emma derňewçileriň aýtmagyna görä, bu garym-gatym pullaryň diňe örän azajyk bölegi futbol çykdajylary üçin harçlanypdyr. Galan pullaryň nirede gizlenendigi näbelli.

Aslynda, Argentinanyň Howpsuzlyk ministrligi bu ýerde gümürtik işleriň barýandygyny entek 2024-nji ýylda duýduryp, ABŞ-na habar beripdi. Ýöne şol wagt FDB bu işe kän bir pitiwa bermändi we derňewi yza süýşüripdi.

Ýagdaý 2025-nji ýylyň dekabrynda has-da erbetleşdi. Argentinanyň özünde futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, aýratyn-da onuň prezidenti Klaudio Tapia döwlet býujetine salgytlary we durmuş gatançlaryny tölemezlikde aýyplandy.

Tapianyň häzirki wagtda ABŞ-da geçýän Dünýä çempionatyna gidip bilmegi üçin, kazyýet oňa adatdan daşary uly – köp millionlyk girew puluny töledip, zordan ýurtdan çykardy.

Şu hili uly galmagallara we gorkuly habarlara garamazdan, meýdançada Lionel Messiniň topary utulman gelýär. 12-nji iýulda olar Şweýsariýa garşy çärýek final (1/4) duşuşygyny geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.