Hytaýyň aerokosmos ylmy we tehnologiýasy korporasiýasy «Çançžen-10B» (Long March-10B) göteriji raketasynyň birinji basgançagynyň ilkinji gezek üstünlikli yzyna gaýtarylandygyny habar berdi.
Raketa 10-njy ýerli wagt bilen sagat 12:15-de (Aşgabat wagty bilen 09:15) Günorta Haýnan adasyndaky uçuş meýdançasyndan äleme goýberildi. Uçuşyň takmynan alty minudyndan soň, tizlendiriji raketadan aýryldy, dolandyrylýan görnüşde aşaklap, suwdaky ýüzýän platforma gondy we şol ýerde ýörite tutujy toruň kömegi bilen üstünlikli tutuldy.
Bi-bi-si-niň aýratyn bellemegine görä, nusgawy kosmonawtikada raketalar diňe bir gezek ulanylýar, olaryň işläp gutaran basgançaklary bolsa, gaçan wagty weýran bolýar. Tizlendirijileriň gaýtadan ulanylmagy emeli hemralary orbita çykarmagyň we kosmos missiýalaryny guramagyň çykdajylaryny düýpli azaltmaga gönükdirilendir.
Hytaý bu tehnologiýany üstünlikli durmuşa geçiren üçünji tarap boldy. Mundan öň, 2015-nji ýylyň dekabrynda SpaceX kompaniýasy orbita çykandan soň köp gezek ulanylýan «Falcon 9» raketasyny ilkinji gezek gondurdy, 2025-nji ýylyň noýabrynda bolsa Blue Origin kompaniýasy özüniň «New Glenn» raketasy bilen şeýle şowly netijäni gazandy.
Hytaýyň özi üçin bu üstünlik ikinji synanyşykdyr. 2026-njy ýylyň fewralynda «Long March 10A» raketasynyň synaglary wagtynda tizlendiriji dolandyrylýan aşaklamany ýerine ýetirip bilipdi, ýöne şonda ol bellenen platformanyň golaýynda göni suwa gonupdy.