Hytaýyň China Three Gorges döwlet korporasiýasy Gün panellerini we geliokonsentratory birleşdirýän dünýäde iň uly gibrid Gün elektrik stansiýasynyň synag-täjirçilik maksatly ulanylyşyna başlady. Taslamanyň esasy aýratynlygy — geliokonsentratoryň adaty diňli gurluşlardan tapawutlylykda doly «ýatan» ýagdaýda gurnalmagydyr.
Umumy kuwwatlylygy 1 GWt bolan täze energetika toplumy Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Hami şäheriniň golaýynda, Gobi çölüniň günorta çetinde ýerleşýär. Ol, takmynan, 1817 gektar meýdany tutýar, taslama goýlan maýa goýumlaryň göwrümi bolsa 3,53 milliard ýuana (480 million dollar) barabar hasaplanýar. Toplumyň synag-täjirçilik ulanylyşy 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda başlandy. Toplum 900 MWt kuwwatlylygy bolan adaty Gün stansiýasyndan we 100 MWt kuwwatlylygy bolan Gün geliokonsentratoryndan ybarat.
Taslamanyň iň esasy aýratynlygy erän duzuň esasynda energiýany saklaýyş ulgamy boldy. Gündizine 260 müň sany aýna Gün şöhlelerini turbajyk görnüşindäki kabul edijilere gönükdirýär. Turbanyň içindäki, takmynan, 550 °C çenli gyzyp, erän duz energiýany saklama guraly hökmünde hyzmat edýär. Gün ýaşandan soň onuň ýylylygy suwa geçirilýär, emele gelen bug bolsa adaty bug turbinasyny aýlaýar. Bu shema garaňkylykda ýa-da bulutly howada sekiz sagada çenli 100 MWt kuwwaty bermäge mümkinçilik döredýär.
Gündizine esasy kuwwatlylygy fotoelektrik panelleri üpjün edýär, geliokonsentrator bolsa ýylylyk energiýasyny jemläp, agşam hem-de gije agramyň ýokary bolan sagatlarynda elektrik energiýasyny öndürmek üçin işleýär.
Toplum ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda elektrik ulgamyna birikdirildi we şondan bäri onuň ýylylyk bölegi sebit energetika ulgamyna 6,54 GWt·sag elektroenergiýa geçirdi. Tutuş toplumyň ýyllyk önümçiligi 2,07 TWt·sag töweregi bolar diýlip hasaplanylýar, bu bolsa 830 müň hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Diňe geliokonsentratoryň özi her ýyl 145 GWt·sag-dan gowrak energiýa öndürer.
Umumy kuwwatlylygy boýunça bu gurluş Dubaýdaky 950 MWt kuwwatlylygy bolan Noor Energy 1 gibrid toplumyndan hem öňe geçmegi başardy. Ýöne bu rekord häzir gurluşygy dowam edýän 1,5 GWt kuwwatly başga bir hytaý stansiýasy tarapyndan tiz wagtda täzelenip bilner.