Deňiz mollýuskasynyň täze görnüşine Kabo-Werdeli derwezebanyň ady dakyldy

Şu gün, 08:183,063
1 / 3

Biolog Hesus Ortea Karib deňzinde tapylan deňiz mollýuskasynyň täze görnüşine Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezebany Wozinýanyň (Vozinha) adyny dakdy. Bu barada ResearchGate platformasynda çap edilen ylmy işde aýdylýar.

Bu görnüşe «Aldisa vozinha» diýen at berildi. Ortea bu ädimi bilen 40 ýaşly derwezebanyň we onuň topardaşlarynyň Dünýä çempionatynda gowur turzan çykyşyny ebedileşdirmek kararyna geldi. Alym mollýuskanyň gyzyl reňkiniň Kabo-Werdeniň «Gyzyl furiýa» lakamly Ispaniýanyň ýygyndysyna garşy oýnan duşuşygyny ýatladýandygyny belledi.

Şol duşuşykda Wozinýa 7 sany çetleşdirme edip, oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. Toparçalaýyn tapgyrda Kabo-Werdeniň ýygyndysy Urugwaý we Saud Arabystany bilen hem deňme-deň oýnap, H toparçasynda ikinji orny eýeledi.

1/16 finalda bolsa topar Argentina bilen mynasyp garşylaşdy we häzirki çempionlardan diňe goşmaça wagtda 2:3 hasabynda utuldy.

Wozinýa şeýle-de futbol derwezebanlarynyň arasynda Instagramda iň köp yzarlaýjysy bolan rekordçydyr. Onuň sahypasyna 28 milliondan gowrak adam ýazyldy (çempionatdan öň olaryň sany 50 müňden köp däldi).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.