Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirine gynanç bildirdi

Düýn, 14:036,413

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä onuň kakasy — şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!» – diýlip, döwlet Baştutany dileg etdi.

Serdar Berdimuhamedow şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we Katar halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirip, goldaw sözlerini beýan etdi.

Kataryň öňki Emiri şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 2026-njy ýylyň 12-nji iýulynda 74 ýaşynda aradan çykdy. Ony häzirki Kataryň baş binagäri diýip atlandyrýarlar. Ol Katary sada nebit eksport edijisinden suwuklandyrylan tebigy gazyň önümçiligi boýunça dünýäniň iň baý liderleriniň birine öwürdi, «Al-Jazira» media ulgamyny esaslandyrdy, şeýle hem Dohany global diplomatiýanyň, maýa goýumlaryň we dünýä sportunyň esasy merkezine öwürdi. Ol ýurdy 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli dolandyrdy we şondan soň dolandyryşy öz meýli bilen ogly Tamime geçirdi.

Emiriň Diwanynyň resmi habaryna görä, şeýh Hamad uzak wagtlap bejergi alypdyr, anyk diagnoz baradaky maglumatlar bolsa mälim edilmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.