Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Türkmen diplomaty Baýalyýewe atly sport boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşigine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Kronenberg şäherinde (Niderlandlar) geçiriler.
Şeýle-de, taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däp-dessurlaryny gorap saklamak we wagyz etmek, şonuň bilen birlikde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdy.
Gürrüňdeşler ahalteke atlarynyň özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilendigini we türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde uly ähmiýete eýedigini belläp, ahalteke at tohumyna aýratyn üns berdi. Atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny aýratyn nygtaldy.