Türkmenistanyň Mejlisi birinji ýarym ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi

Düýn, 17:133,165

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada milli parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.

Deputatlar kanunçylyk işleriniň netijelerini we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeleri gözden geçirdi.

Mejlisiň dowamynda 10-njy iýulda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekilendigi bellenildi.

Birinji ýarym ýylda ýurtda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, işiň aýratyn görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary, daşky gurşawy goramak, suw biologik serişdeleri, şeýle hem migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Şeýle-de, deputatlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegi, halkara duşuşyklary we maslahatlary geçirmegi, mundan başga-da ýurduň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çärelere gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşdy.

Mejlisiň netijeleri boýunça gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek we parlament işini ösdürmek ugrunda işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.