«Moana» filmi dünýä prokatynda şowsuz boldy: Disney millionlarça dollar ýitirýär

Düýn, 19:083,153

Disney studiýasy «Moana» multfilminiň hakyky aktýorlar bilen düşürilen film görnüşiniň prokata çykmagy sebäpli çynlakaý maliýe ýitgileri bilen ýüzbe-ýüz boldy.

«Variety» neşiriniň bellemegine görä, tomaşaçylar ilkinji animasiýa görnüşi bary-ýogy on ýyl mundan ozal çykan filmi täzeden düşürmek pikirine örän tankydy çemeleşdi. Analitikler kompaniýanyň, takmynan, 100 million dollar möçberinde arassa zyýan çekjekdigini çaklaýar.

Şowsuzlygyň esasy sebäbi filmiň 250 million dollara ýeten uly önümçilik býujeti boldy. Taslamanyň özüni ödemegi üçin dünýä prokatynda 600 million dollardan gowrak serişde ýygnamagy gerek, ýöne häzirki ýygymlar bu maksada ýetmegiň mümkin däldigini görkezýär.

Amerikan kinoteatrlarynda film bary-ýogy 43 million dollar toplady, bu bolsa bilermenleriň ilkinji çaklamasyndan (60 million dollar) ep-esli pes boldy. Ilkinji dynç günlerindäki dünýä ýygyndysy bolsa 95 million dollara ýetdi. Deňeşdirmek üçin aýtsak, mundan öň çykan «Lilo we Stiç» remeýki diňe ABŞ-nyň özünde 146 million dollar bilen prokata başlapdy.

Ýagdaýa has gowy göz ýetirmek üçin «Variety» neşiri Disney studiýasynyň 2019-njy ýyldan soň çykaran oýun remeýkleriniň ABŞ-daky ilkinji ýygymlaryny we dünýädäki jemleýji kassa ýygymlaryny getirýär:

  • «Şa Ýolbars» (2019): ABŞ-da ilkinji hepde — $191,8 million / dünýäde jemi — $1,662 milliard
  • «Lilo we Stiç» (2025): $146 million / $1,038 milliard
  • «Suw perisi» (2023): $95,6 million / $569,6 million
  • «Garpamyk» (2025): $42,2 million / $205,7 million
  • «Malefisenta: Zalymlygyň hökümdary» (2019): $36,9 million / $491,7 million
  • «Mufasa: Şa Ýolbars» (2024): $35,4 million / $722,6 million
  • «Kruella» (2021): $21,5 million / $233,5 million

Kinostudiýanyň klassyky animasiýalary kino görnüşine geçirmek baradaky indiki strategiýasy köp babatda «Rapunsel» remeýkiniň täjirçilik netijelerine bagly bolar. Ilkinji multfilmiň golaýda — 2010-njy ýylda çykandygyna garamazdan, filmiň önümçiligine eýýäm badalga berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.