Kosmosda ilkinji gezek bagyr we böwrek dokumalary çap edildi

Düýn, 19:021,835
1 / 3

Amerikanyň "Auxilium Biotechnologies" biotehnologiýa kompaniýasy kosmos giňişliginde bagyr we böwrek dokumalaryny bio çap etmek boýunça taryhdaky ilkinji üstünlikli synagyň geçirilendigini yglan etdi.

Agzalar gönüden-göni Halkara kosmos stansiýasynyň bortunda ýöriteleşdirilen orbital "AMP-1" 3D-bioprinteriniň kömegi bilen döredildi.

Ylmy missiýa iýun aýynda amala aşyryldy. Çig mal hökmünde "Wake Forest" regeneratiw lukmançylyk institutynyň amerikan hünärmenleri tarapyndan döredilen öýjükler we biologiki nusgalar ulanyldy. Bagyr we böwrek dokumalaryndan başga-da, bioprinterde kekirdewük dokumasyny, şeýle hem nerw süýümlerini dikeltmek üçin niýetlenen 28 sany implanty dikeltmek başartdy. Taýýar nusgalar 17-nji iýunda Ýuwaş ummanyna gonan "SpaceX Dragon" ýük kosmiki gämisi arkaly Ýere yzyna getirildi.

"Auxilium Biotechnologies" kompaniýasynyň baş direktory Jeýkob Koffleriň belleýşi ýaly, dokumalaryň we lukmançylyk önümleriniň şeýle dürli görnüşleriniň bir wagtyň özünde üstünlikli öndürilmegi, işlenip düzülen tehnologiýanyň ählumumy we giňeldip bolýandygyny görkezýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu synagyň gönüden-göni orbitada biomateriallaryň tapgyrlaýyn çykarylyşyny guramak üçin esas goýmagyna garaşýarlar.

"Wake Forest" regeneratiw lukmançylyk institutynyň direktory Entoni Atala dartyş güýji bolmadyk ýerde bagyr we böwrek dokumalaryny çap etmegiň tutuş regeneratiw lukmançylyk üçin düýpli ädimdigini goşdy. Onuň sözlerine görä, "kosmosda gazanylan öýjükleriň deňölçegli paýlanmagy, ýerüsti dartyş güýji şertlerinde ýasamak kyn ýa-da hatda mümkin bolmadyk dokumalary we lukmançylyk önümlerini döretmek üçin mümkinçilikleri açýar".

"Auxilium Biotechnologies" kompaniýasy täze tehnologiýanyň lukmançylyk, biotehnologiýa we materialşynaslyk zerurlyklary üçin kosmos segmentini ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.