Az býujetli «Obsessiýa» kino taryhynda iň köp girdejili horrorlaryň ilkinji 10-lugyna girdi

Düýn, 23:36561

Prokatyň dokuz hepdesinden soň, az býujetli «Obsessiýa» horror filmi kinematografiýa taryhynda iň köp girdeji gazanan 10 horror filminiň hataryna goşuldy we M.Naýt Şýamalanyň «Nyşanlar» (Знаки) filmini onunjy orundan gysyp çykardy. Bu filmiň hatda dokuzynjy orna çenli ýokary galmak ähtimallygy hem bar.

ABŞ-da «Obsessiýa» 253,3 million dollar, halkara prokatynda bolsa 173,4 million dollar toplady. Jemi kassa ýygyndysy 426,7 million dollara ýetdi. «ScreenRant» portalynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu film XXI asyrda eýýäm bar bolan franşizalar bilen bagly bolmadyk horrorlaryň arasynda iň köp girdeji gazanany boldy.

Belläp geçsek, režissýor Karri Barker bu filmi, marketing çykdajylaryny hasaba almazdan, bary-ýogy 750 müň dollara düşürdi. Şunlukda, film eýýäm «Blerli jadygöý» (Ведьма из Блэр) kinosynyň rekordyny täzeläp, býujeti bir million dollardan az bolan iň girdeli filmleriň reýtinginiň başyny çekdi.

Kino taryhynda iň köp kassa ýygymyny toplan 10 horror filmi:

  • «Ol» (Оно, 2017) — 719,7 million dollar
  • «Altynjy duýgy» (Шестое чувство) — 672,8 million dollar
  • «Men — Rowaýat» (Я — Легенда) — 585,5 million dollar
  • «Dünýä urşy Z» (Война миров Z) — 540 million dollar
  • «Doga 4: Soňky dessur» (Заклятие 4: Последний обряд) — 499,1 million dollar
  • «Dişler» (Челюсти) — 495,2 million dollar
  • «Ol 2» (Оно 2) — 473,1 million dollar
  • «Bitljus Bitljus» (Битлджус Битлджус) — 452 million dollar
  • «Şeýtan kowujy» (Изгоняющий дьявола) — 430,8 million dollar
  • «Obsessiýa» (Обсессия) — 426,7 million dollar

«Obsessiýanyň» sanly platformalardaky relizi 30-njy iýunda boldy. Rotten Tomatoes saýtynda bu film degişli neşirler tarapyndan 94% oňyn baha aldy, IMDb platformasynda bolsa 200 müň tomaşaçynyň ses bermegi esasynda onuň reýtingi 10 baldan 8 bala deň boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.