Peruda pudagy çökgünlikden halas edip biljek kakaonyň täze görnüşleri tapyldy

Düýn, 23:32729
1 / 2

Peru we Beýik Britaniýanyň ylmy barlagçylar topary şokolad agaçlarynyň ozal nämälim bolan täze dört sany genetiki toparyny tapdylar. Vice neşiriniň ýazmagyna görä, bu tapyndynyň iň uly ähmiýeti seleksionerlere geljekde has durnukly täze kakao görnüşlerini döretmäge kömek etjekdigindedir.

Alymlar Perunyň ýerli halklarynyň ekin meýdanlarynda ösýän ýabany we ýarym ýabany agaçlaryň 390 sanysynyň DNK barlagyny ilik-düwme öwrendiler.

Şu wagta çenli ylmy jemgyýetçilikde kakaonyň diňe on sany esasy genetiki toparynyň bar diýlip ynanylýardy, bu täze ylmy iş bolsa ol düşünjeleri doly üýtgetdi.

Bu ugurdaky gözleglere bolan uly gyzyklanma çig mal bazaryndaky kynçylyklar we munuň netijesinde şokoladyň bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy bilen düşündirilýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi, zabun howa şertleri, ösümlik keselleri we dürli ykdysady sebäpler zerarly Peru, Kolumbiýa hem-de Braziliýa ýaly dünýäniň iň esasy kakao öndürijilerinde hasylyň möçberi ep-esli aşak düşýär. Hünärmenler täze tapylan görnüşleriň ählisiniň şokolad öndürmek üçin doly ýaramlydygyny belleýärler. Bu täze agaçlar kesellere has durnukly bolar we howanyň üýtgemegi zerarly ýetirilýän zyýanlara aňsatlyk bilen döz geler.

Seljerijiler bu açyşa uly umyt baglaýarlar, sebäbi Peru kakao öndürmekde dünýäde sekizinji ýerde durýar we täze seleksiýa usullary geljekde döräp biljek çig mal ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.