Ýaponiýanyň ýokary tizlikli magnit demir ýolunyň gurluşyk taslamasy bolan «Linear Chuo Shinkansen» işlerini dowam etdirmek üçin resmi taýdan rugsat aldy. Bu barada «NHK World» teleýaýlymy habar berýär.
JR Central demir ýol kompaniýasy Sidzuoka prefekturasyndaky gurluşyk zolagy sebäpli dörän köp ýyllyk düşünişmezligi çözmegi başardy.
Ýerli häkimlik sebitdäki ekologik töwekgellikler sebäpli bu gurluşygy ençeme ýyllaryň dowamynda bökdäp gelýärdi. Meseläniň sebäbi, otlynyň ýolunyň şol sebitdäki Oi derýasynyň golaýynda, dag gerişleriniň aşagyndaky ýerasty geçelgelerden gurulmalydygydy. Ýerli häkimiýetler munuň sebitdäki suwuň derejesiniň peselmegine we ekoulgamyň bozulmagyna sebäp bolaryndan gorkýardylar.
Bu düşünişmezlikler zerarly otlynyň başlangyç meýilnama boýunça 2027-nji ýylda meýilleşdirilen ilkinji gatnawy togtadylypdy. Netijede taraplar ylalaşyk tapmagy başardylar: ýol gurujy kompaniýa derýany goramak üçin berk çäreleri görmegi we ekologiýa gözegçiligini güýçlendirmegi wada berdi, bu bolsa taslamanyň gurluşygyny täzeden başlamaga şert döretdi.
Bu çylşyrymly bölegiň gurluşygy on ýyldan gowrak wagt alar. Eger başga meseleler ýüze çykmasa, dünýäde ilkinji doly göwrümli magnit ýassygyndaky şäherara otly gatnawynyň takmynan 2037-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Bahasy 68 milliard dollar töweregi bolan «Linear Chuo Shinkansen» taslamasy dünýäde magnit lewitasiýasy (güýçli magnit güýji arkaly howada saklanmak) tehnologiýasynyň durmuşda ulanyljak iň uly nusgasy bolar. Güýçli magnitler arkaly relslerden ýokarda – howada saklanýan otlular sagatda 500 km tizlik bilen hereket edip bilerler.
Taslamanyň birinji tapgyry tamamlanandan soň, Tokio bilen Nagoýa şäherleriniň arasyndaky ýol wagty 40 minuda çenli gysgalar (häzirki wagtda «Nozomi» ekspresi bu aralygy 1,5 sagatda geçýär). Ikinji tapgyrda bolsa ýol Osaka çenli uzalar. Munuň netijesinde Tokiodan Osaka barmak häzirki 2 sagat 15 minudyň deregine bary-ýogy 67 minut alar.
Bu täze otly diňe uly tizlik bermek bilen çäklenmän, eýsem sebitara gatnawlar üçin köne demir ýol ulgamlarynyň ýüküni hem ýeňilleşdirer. Ýaponiýa magnit ýassygyndaky ýokary tizlikli otlulary döretmekde dünýäde öz öňbaşçylygyny saklap gelýär. Hytaýyň sagatda 600 km tizlikde işlemeli meňzeş taslamalary işläp düzýändigine garamazdan, häzirki wagtda işläp duran hytaý magnitli otlulary diňe şäheriň içinde, gysga aralyklarda hyzmat edýärler.