YouTube akylly gözlegi işe girizýär: Ask YouTube platformany emeli aňly çat-bota öwürýär

Düýn, 23:10499

YouTube hyzmatynyň ýolbaşçysy Nil Mohan Ask YouTube diýlip atlandyrylýan täze EA-gözleg ulgamynyň ýaýradylyp başlanandygyny mälim etdi. Bu funksiýa ABŞ-nyň çägindäki ulanyjylar üçin web-görnüşde işe girizilýär.

Ask YouTube gurnalan çat-bot görnüşindedir. Ulanyjylar adaty usulda esasy sözleri girizmegiň deregine, adaty sözleýiş dilinde sorag berip biler, ulgam bolsa platformada ýerleşdirilen kontente esaslanyp jogaplary taýýarlar.

Diňe wideolaryň sanawyny görkezýän adaty gözlegden tapawutlylykda, Ask YouTube hemmetaraplaýyn we tertibe salnan jogaby emele getirýär. Gözlegiň netijelerinde tekst görnüşindäki rezýume, adaty wideolar, dikligine düşürilen Shorts wideolary, wideoýazgylaryň aýratyn bölekleri, şeýle hem soragy takyklaşdyrmak üçin maslahatlar bolup biler. Meselem, neýroulgamdan dürli harytlary deňeşdirmegi, çylşyrymly ylmy temany düşündirmegi, öwrediji materiallary saýlamagy ýa-da ownuk sorag boýunça kontent tapmagy soramak bolýar. Şol bir wagtyň özünde, adaty gözleg hem hiç ýere ýitmez — ulanyjylar islän pursaty gözlegiň öňki adaty görnüşine dolanyp biler.

Kontent döredijiler üçin Ask YouTube täze mümkinçilikleri açýar. Platforma emeli aňyň öz jogaplarynda ulanýan wideolarynyň, Shorts wideolarynyň we prewýularynyň tomaşa edilmelerini kanallaryň umumy statistikasyna goşar, şeýle hem olary hyzmatdaşlyk maksatnamasy üçin görkezijileri hasaplamakda nazara alar.

Mundan ozal bu gural ABŞ-da YouTube Premium-yň kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň arasynda ýapyk şertlerde synagdan geçirilipdi. Indi bolsa ulanyjylaryň gurşawy giňeýär: emeli aňly gözleg ulgamy hasaba alnan 13 ýaş we ondan uly bolan ulanyjylara elýeterli bolýar.

Häzirki tapgyrda bu funksiýa diňe iňlis dilindäki soraglar we diňe kompýuterler üçin brauzer görnüşinde işleýär. Ask YouTube ulgamynyň başga sebitlerde we beýleki dillerde işe girizilmeginiň möhletleri barada entek maglumat ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.